11-nji iýuna geçilýän gije Russiýa Ukrainanyň Harkiw şäherine dronlar bilen zarba urdy. Hüjümde ýaşaýyş jaýlaryna we kärhanalara zeper ýetendigi habar berilýär. Zarbalarda 3 adam heläk boldy, ýene 60 adam ýaralandy. Şikes alanlaryň arasynda 9 çaga hem bar.
“Ukrainskaýa pravda” neşiriniň ýazmagyna görä, şähere jemi 17 dron bilen hüjüm edilipdir. Beýleki sebitlere bolsa ýene 68 dron atylypdyr. Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, hüjümde şeýle-de “Iskander-M” ballistik raketasy ulanylypdyr.
Jemi 85 dron bilen edilen hüjümiň dowamynda 49 dron urlup, ýok edilipdir ýa-da öz-özünden synypdyr. Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, 14 sany dron nyşana baryp urupdyr. Zaporižýe oblastynda iki adam ýaralandy. Odessa oblastynda bolsa ýangynlaryň we weýrançylyklaryň ýüze çykandygy habar berilýär.