Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Eýranyň çäginden 120 adamyň öz serhedinden geçmegine rugsat berdi – DIM


Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky Bajgiran serhedi (arhiw suraty)
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky Bajgiran serhedi (arhiw suraty)

Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky konfliktiň dowam etmegi bilen, Türkmenistan günorta goňşusynyň çägindäki daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle-de beýleki raýatlaryň çykmagy üçin öz territoriýasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 16-njy iýunda ýaýradan beýanatyna görä, soňky maglumatlara laýyklykda, Eýrandan 120 töweregi adam, şol sanda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary ýurduň döwlet serhedinden geçipdir.

Gelen adamlaryň awtoulaglar, iýmit, myhmanhanalar we ilkinji nobatdaky zerur serişdeler bilen üpjün edilendigi aýdylýar.

13-nji iýunda Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebitinde dartgynlylygyň güýçlenmegine “alada” bildirdi we konflikti syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG